BMG-niň Aşgabatdaky binasynda BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň guramagynda suw üpjünçiligi, arassaçylyk, gigiýena we saglygy goraýyş babatdaky başlangyç maglumatlaryň seljermesiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça milli maslahat geçirildi.
Bu çäre BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝEK) bilen BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan durmuşa geçirilýän «Suw we saglyk boýunça Ýörite Teswirnamanyň iş meýilnamasyny amala aşyrmak arkaly suw üpjünçiligini, arassaçylygy, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak» atly taslamanyň çäginde geçirildi. Taslamanyň esasy maksady ilaty arassa agyz suwy we arassaçylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekdenn we jemgyýetçilik saglygyny goramakdan ybaratdyr.
Maslahata degişli ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň, şol sanda BSGG-niň, BMG ÝEK-iň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň suw serişdeleriniň we jemgyýetçilik saglygynyň häzirki ýagdaýy, milli maksatnamalar hem-de Suw we saglyk boýunça Teswirnamanyň ýerine ýetirilmeginiň artykmaçlyklary barada pikir alşyldy diýip, BSGG-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Çärede suw üpjünçiligi, arassaçylyk, gigiýena (WASH) we saglygy goraýyş ugurlary boýunça başlangyç maglumatlaryň seljermesiniň netijeleri hödürlenildi. Şeýle hem Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň Teswirnama çäginde milli maksatlary kesgitlemek boýunça tejribesi görkezildi, bu ugurda alnyp barylýan taslamalaryň ösüşi we beýleki ýurtlaryň tejribesinden alnan peýdaly sapaklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG ÝEK-iň Suw we saglyk boýunça Teswirnamasynyň bilelikdäki sekretary Ýuliýa Trombiskaýa Teswirnamanyň suw we saglyk bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde döwletlere berýän möhüm goldawyny nygtady. Halkara hünärmenler Ýelena Drozdowa, Olga Mirşina we Žanar Mawtanowa bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi we beýleki ýurtlaryň tejribelerinden alnyp öwrenilen netijeler barada çykyş etdiler.
Maslahat Türkmenistanyň suw üpjünçiligini, arassaçylygy, gigiýenany we jemgyýetçilik saglygyny kämilleşdirmek boýunça mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşmak bilen tamamlandy. Bu bolsa ýurduň halkara ülňülerine ygrarlydygyny we hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

