Turkmenportal logo
17.12.25
2948029480
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň ähli welaýatlaryndan saýlanyp alnan, 17 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan on aýdymçy gatnaşdy. Gatnaşyjylar biri sazly, biri bolsa sazsyz görnüşde iki aýdymy ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ýeňijisi Göwher Hajymyradowa boldy. Oňa Göçme kubogy we baş baýragy bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijisi Durdy Durdyýew gowşurdy.

Bäsleşigiň ýeňijisi emin agzalarynyň beren sesleri hem-de tomaşaçylaryň arasynda geçirilen SMS ses berlişigi esasynda kesgitlenildi.