Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.
Teswirnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň hökümetlerini hem-de halklaryny diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen gutladylar.
Şeýle-de bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm itergi berjekdigi bellenildi.

