12-nji dekabrda Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň «Willkommen in Berlin» guramasynyň wekilleri, Berlinde akkreditirlenen diplomatik wekillikleriň işgärleri, şeýle hem jemgyýetçilik we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Resmi bölümde çykyş edenler bellenilýän seneleriň ähmiýetini nygtap, olaryň hormatyna Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda dialogy hem-de özara ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýändigini aýtdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Çäräniň myhmanlaryna ýurduň dürli ugurlardaky üstünliklerini hem-de onuň taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirýän wideo materiallar we suratlar görkezildi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.
Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň hökümetini we halkyny Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, parahatçylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

