Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen raýatlaryň birnäçesi «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurtda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ýurduň şu raýatlary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy:
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýew,
Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Meretgeldi Gulgeldiýew,
«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alypbaryjy inženeri Kakajan Täşliýew,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Aýlyýew,
«Balkan welaýatynyň baş metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýazmyrat Atamyradow,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanow,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Toýly Kurbanmetow,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrow,
«Lebap welaýat baş metjidi» dini guramasynyň baş ymamy Ereş Babajanowiç Talipow,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarow,
Mary welaýatynyň «Gurbanguly hajy» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradow,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýew.
