Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda öz ýurdunyň parahatçylykly dialogyň, hyzmatdaşlygyň we halkara hukugynyň kadalaryna hormat goýmagyň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.
Täjigistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy hem-de forumyň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem doganlyk türkmen halkyny Bitaraplygyň 30 ýyly bilen gutlady.
Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň üç onýyllygyň dowamynda halkara ynanyşmagy we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýany ilerletmäge aýratyn goşant goşýan Bitaraplyk syýasatynyň netijelidigini subut edendigini nygtady.
«Häzirki ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde Türkmenistanyň başlangyçlary, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi durnukly ösüşe hem-de halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär» diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi.
Şeýle-de Prezident Emomali Rahmonyň çykyşynda Täjigistanyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
