Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýärler. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda eden çykyşynda belledi.
«2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda söwda dolanyşygy eýýäm 35 göterim ösdi. Rus kompaniýalary türkmen bazarynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydyrlar. Energetika, ulag we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk pugtalanýar» diýip, Russiýanyň döwlet Baştutany nygtady.
Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösýär hem-de häzirki zaman köp polýarly dünýäde hyzmatdaşlygyň nähili gurulmalydygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.
Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigine ünsi çekdi. «Russiýada 54 müňden gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygy muňa şaýatlyk edýär» diýip, ol belledi.
Şeýle-de Russiýanyň we Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň bazarynyň integrasiýasyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Ol 2026-njy ýylda Aşgabadyň GDA-da başlyklyk etjekdigini ýatlatdy.
Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň ählumumy meselelerde hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ruhuny döretmek üçin çynlakaý tagalla edýändigini belledi.
«Şu nukdaýnazardan, men türkmen kärdeşlerimiz tarapyndan taýýarlanan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyny makullamak isleýärin. Bu resminama forumyň dowamyndaky bilelikdäki işimiziň möhüm netijesi bolar» diýip, Russiýanyň döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.
