Turkmenportal logo
12.12.25
7190671906
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda halkara forum öz işine başlady

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum resmi taýdan öz işine başlady. Çärä ýokary derejeli wekiliýetler we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň myhmanlaryna ýüzlenip, bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durnukly ösüşiniň ygtybarly binýadyna öwrülendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistana ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamaga, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we halkara derejesinde özüne çekiji, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

Forumyň dowamynda daşary ýurtlaryň Liderleriniň, abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryna hem giň orun berler. Şunuň bilen baglylykda, bu forum halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak babatdaky tagallalara täze itergi berer.