Noýabr aýynyň ahyrynda ýabany haýwanlar boýunça Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi. Iş saparynda döwlet gözegçileri geçirilen meýdan barlaglaryna gatnaşdylar, şeýle ylmy hem-de gorag işleri boýunça hünärmenler özara tejribe alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) ýabany pişikler boýunça bilermeni T.Rozen iş saparynda soňky ýyllarda Bathyz goraghanasynyň meýdanlarynda alajagaplaň boýunça, ýagny ene alajagaplaňlaryň köpelýändigi barada takyk ylmy maglumatlaryň bardygyny hem-de ýabany haýwanlaryň goralyp saklanmagy babatda Türkmenistanda köp işleriň ýerine ýetirilýändigini aýratyn belledi.
Iş saparynda guşlardan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen sakgally garaguş (Gypaetus barbatus), sähra garaguşy (Aquila nipalensis), bürgüt (Aquila chrysaetos), gajar (Aegyplus monachus), şeýle hem depe syçançy (Buteo ruffinus), göwenek (Falco tinnuculus), baýguş (Athene noctua), çöl pit-pitisi (Bucanetes githagineus), uly gaýa daşdeşeni (Sitta tephronota), dag süleçiçi (Emberizia сia), gögerçin (Columbia livia), mollatorgaý (Galerida gristata), gara çekeýik (Oenanthe piсata) hasaba alyndy.
Gyzyljarda barlaglar geçirilende deräniň beýikliklerinde ýyrtyjy guşlar, ýol ugurda 1 kepjebaş hasaba alyndy. Tebigat kalendary boýunça alnanda gyş pasly ýylanlaryň uka gitmeli wagty, emma 2025-nji ýylyň noýabr aýy bolsa hem howanyň gündizlerine örän gyzýandygy bellenildi.
