Ýaponiýanyň demirgazygyndaky güýçli ýer yranmasynda ejir çekenleriň sany 50 adama ýetdi diýip, NHK teleýaýlymyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Öň TBS teleýaýlymy 35 adamyň ejir çekendigini habar beripdi.
NHK teleýaýlymynyň soňky habarlaryna görä, has köp ejir çekenler – 36 adam Aomori prefekturasynda, ýene 14 adam Hokkaýdo we Iwate prefekturasynda ejir çekdi.
Duşenbe gijesi ýurduň Aomori prefekturasynda güýji 7,5 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Ýertiremäniň ojagy Aomoriniň gündogar kenarýakasynda 54 kilometrlik çuňlukda ýerleşdi.
