Italiýanyň Milan şäheriniň taryhy merkezinde baş Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy. Ony öňde duran Olimpiadanyň hormatyna bagyşladylar. Duomo soborynyň öňündäki meýdança şäherlileriň hem-de jahankeşdeleriň ýüzlerçesi ýygnandy. 30 metrlik agaç sadap şarlar we Olimpiadanyň nyşanlary bilen bezeldi. Şäherde 30-dan gowrak yşyk şüweleňleri, tematik obajyklar, bazarlar we ýarmarkalar peýda boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Öň Tula şäheriniň baş arçasy Russiýanyň rekordlar kitabyna girizildi. Beýikligi 32 metre deň bolan arça ýurtda iň beýik diýlip yglan edildi.
