Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisde Bitarap döwletiň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. R.Meredow, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip eden parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi güýçlendirmegiň halklaryň we döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigini subut edýär. Wise-premýer bu wajyp syýasy taglymatlaryň häzirki döwrüň halkara şertlerinde halklaryň we döwletleriň jebisleşmegi, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Gurmasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Diplomat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigni, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalarynyň örän uludygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutany käbir resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlary hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, abadançylygy türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
