Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ösüş depgininiň senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Şeýle hem hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar – noýabr aralygynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw dolanyşygy 13 göterim, söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda orta aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,8 göterim artdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmege ünsi çekdi hem-de bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
