2025-nji ýylyň başyndan bäri zawodda öndürilen sementiň mukdary geçen ýyllaryň bütin dowamynda öndürileninden hem geçdi. Zawodda 2023-nji ýylda 1,1 million, geçen ýylda bolsa 1,18 million tonna sement öndürilipdi. Kuwwatly zawodda 2015-nji ýylyň geçen on bir aýynda bolsa 1 million 386 müň tonna önüm öndürildi. Şeýle sepgide zawodyň 12 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek ýetildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
2013-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, geçen ýylda bolsa ikinji tapgyrynyň işi ýola goýlan Lebap sement zawody eýýäm birnäçe ýyldan bäri 1 million tonnadan geçirip önüm öndürýär.
Geçen ýylyň degişli döwründe bu ýerde öndürilen gymmatly gurluşyk serişdesiniň möçberi 1 million 30 müň tonna ýetipdir. Şeýlelikde, 2025-nji ýylda 350 müň tonnadan gowrak sement köp öndürildi. Bu artyş göterim bilen ölçenilende, 34 göterimden hem geçýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistandaky gurlan sement zawodlar arkaly her ýylda öndürilýän sement 3 million tonnadan geçýär. Ýakyn geljekde bolsa önümçiligiň mukdaryny 4 — 4,5 million tonna çenli ýetirmäge mümkinçilik bar. Şunça önümiň bir bölegi içerki harajatlar üçin sarp edilse, bir bölegi eksport giňişligine çykarylýar.
