Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 8 milliard 343 million 699 müň amerikan dollaryna ýetdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük edarasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi turbageçiriji arkaly üpjün edilýän tebigy gaza degişlidir.
Bellenilişi ýaly, haryt dolanyşygynyň esasy bölegini türkmen eksporty düzdi. 2025-nji ýylyň on aýynda Türkmenistan Hytaýa jemi 7 milliard 59 million 77 müň amerikan dollarlyk önüm eksport etdi.
Türkmenistan bolsa Hytaýdan, takmynan, 1 milliard 284 million 622 müň amerikan dollarlyk haryt import etdi.
