Turkmenportal logo
05.12.25
2368523685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Ählumumy gaz merkezi gazyň eksportyny giňeltmek barada maslahatlaşdylar
Surat: Türkmenistanyň Ženewadaky Ilçihanasy

Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow bilen Ählumumy gaz merkeziniň (Global gas center) ýerine ýetiriji direktory W.Dýukronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ženewadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda dünýä bazarlaryna gazyň üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetiniň artmagy, howpsuzlygy berkitmek, diwersifikasiýa (ugurlary köpeltmek) we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy kemala getirmek üçin sebitdäki energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen tarapy halkara energetika düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşyk Türkmenistanyň sebit we ählumumy energetika gün tertibini kemala getirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki roluny nygtady.