Daşary ýurt žurnallarynyň birnäçesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna ýörite sanlaryny bagyşlady.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada TDH habar berdi.
Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň gazanýan üstünliklerine bagyşlady.
Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.
