Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen:
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Didar Suhanberdiýewiç Orazow Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şükür Baýramdurdyýewiç Annalyýew Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
2-nji derejeli ýurist Begnazar Nazarowiç Kajarow düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory wezipesine bellenildi;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Kakajan Kanalowiç Amanmyradow Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Hangeldi Amangeldiýewiç Annabaýewi düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory wezipesinden boşadyldy.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen:
2-nji derejeli ýurist Maksat Amannazarowiç Kurbannazarow Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Şöhrat Annabaýewiç Tuwakow Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Ýusupmyrat Aşyrmyradowiç Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Şirguly Bäşimkulyýewiç Şirkulyýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Arslan Töräýewiç Ananow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Merdan Şöhradowiç Nazarow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Batyr Seýitgulyýewiç Hydyrow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesine;
1-nji derejeli ýurist Myratgeldi Kakageldiýewiç Çaryberdiýew Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myratasyl Myratgeldiýewiç Myratgeldiýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
