Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk» ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ylmy-amaly maslahatda «Türkmenistan — ÝUNESKO: barha ilerleýän medeni hyzmatdaşlyk», «Rowaýata siňen türkmen bedewleri», «Maddy we ruhy gymmatlyklarymyz dünýä medeniýetinde», «Kino sungaty medeni mirasy ýaýmagyň täsirli serişdesidir», «Molla Ependi teatr sungatynda» atly çykyşlar boldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Serdar Çaryýewiň ýerine ýetiren «Türkmenistan — Bitaraplygyň Watany», «Şirwan perdeler», dutarçylar toparynyň aýdan «Bitaraplygyň Watany», Umytmyrat Gylyçmyradowyň ýerine ýetiren «Toýa gelipdir», «Bagtyýarlyk mukamy» aýdym-saz toparynyň «Arkadagly Gahryman Serdarly Watan» atly aýdymlary hem-de «Miras» toparynyň «Küştdepdi» tansy maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
