Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtegtmeleri girizmek boýunça Kanuna gol çekdi. Bu resminama «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi we güýje girdi.
2013-nji 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 214-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere görä, tizlik üçin jerimeler birnäçe esse ýokarlandyryldy.
Bellenen tizligiň 10 kilometrden köp, emma 30 kilometrden geçmeýän derejede artykmaç geçilmegi indi öňki 0,5 birlik (50 manat) ýerine iki başlangyç birlik möçberinde (200 manat) jerime salynmagyna getirýär.
Tizligiň 30 kilometrden köp, emma 50 kilometrden geçmeýän derejede bozulmagy üçin jerime öňki üç birlikden (300 manat) bäş birlige (500 manat) çenli ýokarlandyryldy. Şu hukuk bozulmasynyň alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanmagy bolsa öňki bäş birlik (500 manat) ýerine ýedi başlangyç birlik (700 manat) möçberinde jerime salynmagyna getirer.
Iň güýçli çäreler bolsa has erbet bozulmalara degişli edildi. Tizligiň 50 kilometrden artykmaç derejede bozulmagy indi öňki ýedi birlik (700 manat) ýerine on başlangyç birlik (1000 manat) jerime bilen jezalandyrylýar. Şu hukuk bozulmasy alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanan halatynda sürüjiniň ulag dolandyrmak hukugy alty aýdan bir ýyla çenli möhletde elinden alynýar. Öň bu möhlet üç aýdy.
Täze düzgünler ýollaryň gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howsuzlygy, polisisýanyň ýol gözegçiligi, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň, şeýle hem döwlet we resmi wekiliýetleriň düzüminde hereket edýän ulaglara ýol hereketiniň howpsuzlygynyň berjaý edilmegi şerti bilen degişli däldir.
