5-nji dekabrda Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan kamera sazlarynyň konserti geçiriler — diýip, ussatnews.com habar berýär.
Konsertiň maksatnamasynda türkmen kompozitorlarynyň eserleri, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň döredijilik işleri ýerine ýetiriler.
Konsertiň çäklerinde kompozitor Mamed Guseýnowyň «Fortepiano üçin alty çagalar pýesasy» atly täze nota-illýustrasiýa ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçiriler.
Konserte aýdymçy Ilşat Ildarow, şeýle hem Moskwada geçirilen «Dutar owazy» IX Halkara sungat festiwalynyň baýraklarynyň eýeleri bolan Selbi Imamowa we Aýnur Kabulowa ýaly mekdebiň uçurymlary hem gatnaşar.
