Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzda ýerleşýän «Serdar» pagta egirme fabriginde 2025-nji ýylyň ahyryna çenli geýim-gejim, ýorgan-düşek we beýleki dokma harytlaryny, şeýle hem trikotaž süpürgiçleri öndürmek üçin ulanylýan bu önümiň azyndan 1 müň 763 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu fabrik sebitde we dünýä bazarynda isleg bildirilýän Nm 20/1 ýüplügi öndürýän iri kärhanalaryň biridir diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýokary hilli önümleriniň bir bölegi daşary ýurtlara satylýar. Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Şweýsariýanyň «Rieter» we Germaniýanyň «Trützschler» kysymly dünýä belli ýokary öndürijilikli enjamlary bar. Öndürilýän önümiň hilini we möçberini has-da ýokarlandyrmak üçin, bu ýerde önümçilik işini döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýärler.
Häzirki wagtda ýüplük öndürmekden başga-da, kärhana pagta süýümini gaýtadan işläp çykarýar we galyndylardan daşky geýimler üçin ekologiýa taýdan arassa tebigy pamyk öndürýär.
Daşoguz welaýatynda sebitde ösdürilip ýetişdirilýän pagtadan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa taýýar önümler öndürýän ýokary tehnologiýaly, beýleki döwrebap desgalaryň üstünlikli işleýändigini-de bellemek gerek. Şeýle desgalaryň biri hem dünýä dokma bazarynda aýratyn isleg bildirilýän «Ring» haryt nyşanly pagta ýüplügini öndürýän fabrikdir.
Geljek ýyllarda bu fabrikleriň üstüne ýene-de bir ýokary tehnologiýaly kärhananyň goşulmagyna garaşylýar diýlip, habarda bellenilýär.
