«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hünärmenleri geljegine uly umyt bildirilýän Uzynada baýlyklar käninde birbada üç guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Guýulardan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy diýlip, «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 6800 metr bolan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularynyň 6720 we 6785 metr çuňluklarynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar.
Guýulardan çykymy bir gije-gündizde degişlilikde, 44 we 43 tonna golaý gaz kondensaty we 20 müň hem-de 18 müň kub metr gaz alynýar.
«Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem ýakynda Uzynada känindäki 87-nji ulanyş guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 6800 metr bolan bu guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny we 45 müň kub metr «mawy ýangyç» berýär.
Önümli guýular tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.
