Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy üstünlikleri» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň zehinli ýaşlarynyň işleri görkezildi.


Sergide sungatyň dürli görnüşleri boýunça: şekillendiriş sungaty, dizaýn we modelirleme, keramika görnüşleri boýunça eserler ýerleşdirildi. Sergide goýlan eserlerde ýurdumyzyň milli gymmatlyklary, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara derejesinde öňe sürülmegi, şeýle hem ýurduň hemişelik bitaraplygynyň durnukly we howpsuz geljegiň kepili hökmünde ähmiýeti beýan edilýär.


