Russiýa we Saud Arabystany özara wiza düzgünini ýatyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar. Degişli resminama Russiýa — Saud işewürler forumynda RF-niň Hökümet başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal Al Farhan gol çekdiler diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Nowak geljek ýylyň başynda iki ýurduň raýatlarynyň wizasyz tertipde syýahat edip biljekdiklerini ýurduň «Russiýa-24» teleýaýlymynda aýtdy.
