Turkmenportal logo
01.12.25
2279322793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri «Ha­lal Expo 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gä gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekilleri «Ha­lal Expo 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gä gatnaşdylar
Surat: Fuar Dergisi

26 — 29-njy no­ýab­r aralygyn­da Tür­ki­ýä­niň Stam­bul şä­he­rin­de «Ha­lal Expo 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi we ­onuň çäklerinde 11-nji Bütindünýä Ha­lal sam­mi­ti geçiril­di.

Hal­ka­ra çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­na­şyp, ýur­du­ň ha­lal önüm­le­ri­ni, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam bo­ýun­ça ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni ta­nyş­dyr­ýan mag­lu­mat­la­ry we ser­gi önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Şeýle-de türk­me­n we­ki­li­ýe­ti dört gün­lük çä­rä­niň do­wa­myn­da köp san­ly iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lara (B2B) we işe­wür­lik çä­re­le­rine gatnaşdylar. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.

«Ha­lal Expo 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ko­m­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ha­lal önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak­da möhüm orun eýe­le­ýär. Şeýle hem hal­ka­ra önüm ön­dü­ri­ji­le­ri, distrib­ýu­tor­la­ry we ma­ýa­dar­la­ry bi­len gö­ni gep­le­şik di­ňe tä­ze şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga däl, eý­sem, glo­bal ha­lal se­na­ga­tyn­da­ky hä­zir­ki me­ýil­le­re çuň­ňur dü­şün­mä­ge, bäs­deş­lik ar­tyk­maç­lyk­la­ry­na ba­ha ber­mä­ge we mil­li önüm­çi­lik stra­te­gi­ýa­la­ry­ny hal­ka­ra is­leg­le­ri­nedir stan­dart­la­ry­na uý­gun­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.