Turkmenportal logo
01.12.25
1946319463
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan demir ýol ulagy pudagyny daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda pugtalandyrýa
Türkmenistan demir ýol ulagy pudagyny daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda pugtalandyrýa

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýük we ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu barada 28-nji noýabrda geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer M. Çakýew demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy —diýip, TDH agentligi habar berýär.