Turkmenportal logo
28.11.25
1207012070
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rim Papasy Türkiýä bardy
Surat: Independent Türkçe

Rim Papasy Lew XIV özüniň ilkinji daşary ýurt saparynyň çäklerinde Türkiýäniň paýtagty Ankara bardy. Pontifik Respublika we Liwana apostol saparlaryny amala aşyrýar diýip, «Vatican News» habar berdi.

Türkiýäniň we Watikanyň baýdaklary ýerleşdirilen «Ita Airways» uçaryny Türkiýäniň hökümetiniň we Katolik buthanasynyň wekilleri garşy aldylar. Papa Türkiýäniň döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşandan soňra Stambula barar.

28-nji noýabrda Konstantinopol patriarhy Warfolomeýiň çakylygy boýunça Papa Lew XIV Iznik kölüniň kenarynda Birinji Nikeý soborynyň 1700 ýyllygynyň hormatyna guraljak doga okalyşyga gatnaşar.

Pontifik 29-njy noýabrda Liwana baryp, Prezident Jozef Aun bilen duşuşar, soňra hökümetiň, diplomatik düzümiň wekilleriniň we ýurduň ilatynyň öňünde çykyş eder. 2-nji dekabrda Papa Beýrutyň kenarýakasynda doga okalyşyk dabarasyna gatnaşar diýlip, habarda aýdylýar.