Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 26–30-njy noýabr aralygynda Tähranda geçirilýän halkara 6-njy Fajr Cup ýaryşynda 8 altyn we 4 bürünç medal gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy Turkmenportal saýtyna habar berdi.
Ýaryşa Eýrandan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Şri-Lankadan, Owganystandan, Özbegistandan, Saud Arabystanyndan we Yrakdan jemi 37 türgen gatnaşýar.
Iň uly üstünlikleri türkmen türgenleri Seýitjan Mirzaýew (60 kg çenli) we Bunýad Raşidow (71 kg çenli) gazandylar. Olaryň her biri üç altyn medal – silkip götermekde, itip götermekde we iki bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiş gazandylar. Mirzaýew silkip götermekde 124 kg, itip götermekde 150 kg, jemi 274 kg netije görkezdi. Raşidow bolsa silkip götermekde 150 kg, itip götermekde 165 kg, jemi 315 kg netije görkezdi.

Gaýgysyz Toräýew (79 kg çenli) itip götermekde (187 kg) we bäsleşigiň jemi boýunça (332 kg) iki altyn medal, şeýle hem silkip götermekde (145 kg) bürünç medal gazandy.
Şeýle hem Ramazan Toräýew (88 kg çenli) itip götermekde (176 kg) we jemi (316 kg) netijede, Galkan Rahmanow (88 kg çenli) silkip götermekde (145 kg) bürünç medallary gazandylar.
Türkmenistan bu ýaryşda 7 türgen bilen çykyş edýär. 28-nji noýabrda ýaryşda Rüstem Annaberdiýew (94 kg çenli) we Döwranbek Hasanbaýew (110 kg çenli) çykyş ederler. Ýaryşyň eminler toparynda Türkmenistana Aman Meredow wekilçilik edýär.
