22-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Учу великому» we «Учусь великому» atly Rus dili okuw-usuly taslamasynyň sapaklaryna gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berildi.
Okuw Russiýanyň Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň mugallymlary we hünärmenleri Konstantin Andreýewiç Kalinin we Aleksandr Wiktorowna Potanina tarapyndan geçirildi. Myhmanlar türkmen paýtagtynyň gözelligini bellediler hem-de onuň ýatdan çykmajak täsirleri baradaky pikirlerini paýlaşdylar.
Saparyň ahyrynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin teklipler öňe sürüldi.
Ýeri gelende bellesek, Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň hünärmenleri 17 – 22-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen mugallymlary we talyplary üçin okuw geçirdi.
Bu okuwlar talyplar üçin «Учу великому» we «Учусь великому» atly Rus dili okuw-usuly taslamasynyň çäginde geçirildi.
