2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň gün tertibinde energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de sebitde suw-energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy - diýip, Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy «Turkmenportal» saýtyna habar berdi.
Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam edýändigini bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikiriçe, bu ýagdaý hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze ugurlary özleşdirmek üçin amatly esas döredýär.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi berkitmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar energetika we suw serişdeleri babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň iki ýurduň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de sebitde durnukly ösüşe ýardam edýändigini nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň wekilleri özara peýdaly başlangyçlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.
Gepleşikleriň netijesinde taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ädimleri kesgitlenildi.
