Ural Döwlet rus akademiki halk hor toparynyň Türkmenistandaky çykyşlary iki halkyň dostlugynyň nyşany bolup, häzirki zaman dünýäsinde medeni gatnaşygyň ähmiýetini görkezdi. Bu barada toparyň çeper ýolbaşçysy Nikolaý Zaýsew konsertiň ahyrynda žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde beýan etdi.
«Men konsertiň halklarymyzyň dostlugyny, jebisligini görkezmegini arzuw edýärin. Bu örän möhüm, hususan-da, XXI asyrda medeniýetleriň özara gatnaşygy häzir öňkülerden has ähmiýetli» diýip, Zaýsew aýtdy. Ol, şeýle hem her bir tomaşaçynyň aýdym-saz we tans arkaly Russiýa hem-de Urala ýakynlaşmagyny isleýändigini goşdy.

Bu dostluk konserti Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň we «Roskonsertiň» goldaw bermegi bilen, rus dilini daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilýär. Hor topary Türkmenistanyň paýtagtyna 1988-nji ýyldan soň ikinji gezek geldi.
Şu saparyň çäklerindäki ilkinji konsert 26-njy noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy. Teatryň eýwanynda etnograf Sergeý Glebuşkiniň kolleksiýasyndan halk lybaslarynyň sergisi guraldy. Artistleriň ikinji çykyşy 27-nji noýabrda meýilleşdirildi.
