26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gambiýa Respublikasynyň, Angolanyň, Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbasçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşliklerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gambiýa Respublikasynyň daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Sering Modu Njaý bilen bolan söhbetdeşlikde taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygy nygtaldy.
Angola Respublikasynyň daşary işler ministri Tete Antoniunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň, şol sanda taraplaryň başlangyçlaryna özara goldaw bermegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ministrler döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, olaryň ýokary derejedäki ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli syýasy dialogyň esasynda pugtalanýandygyny bellediler.
Türkmen-saud gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.