2025-nji ýylyň 24–27-nji noýabry aralygynda Yrakdaky Erbil International Fairground meýdançasynda azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalarynyň 8-nji Halkara sergisi geçirildi. Bu sergi Ýakyn Gündogaryň iň iri we abraýly pudaklaýyn çäreleriniň biri hasaplanýar. Sergi her ýyl öndürijileri, azyk senagatynyň hünärmenlerini, logistika pudagynyň wekillerini hem-de maýadarlary bir ýere birleşdirip, tejribe alyşmak we önümleri täze bazarlara çykarmak üçin işewürlik meýdançasyny döredýär.
Bu ýylky gatnaşyjylaryň arasynda türkmen «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem bolup, kompaniýa öz önümleriniň doly görnüşini hödürledi. Serginiň myhmanlarynyň aýratyn ünsüni kompaniýanyň täze önümleri — Real Cola, Real Moxito we Real Popcorn içgileri özüne çekdi. Bu önümler gysga wagtda Türkmenistanyň bazarynda meşhurlyga eýe bolup, ýokary eksport mümkinçiliklerini görkezýär.

«Ýüpekçi» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, şeýle uly halkara sergä gatnaşmak kärhananyň eksport ugurlaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Olaryň sözlerine görä, çäräniň dowamynda kompaniýa Yrakdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kuweýtden, Saud Arabystanyndan we sebitdäki beýleki ýurtlardan gelýän mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen üstünlikli gepleşikleri geçirdi. Ýokary hilli we döwrebap gaplama dizaýny bilen tapawutlanýan içgiler hem-de süýji önümleri daşary ýurt kompaniýalarynyň aýratyn gyzyklanmasyny görkezdi.
Erbil şäherinde geçirilen sergä gatnaşmaklyk Ýakyn Gündogar bazarynyň türkmen azyk önümlerine bolan artýan gyzyklanmasyny tassyk etdi we «Ýüpekçi» kompaniýasynyň halkara arenadaky ornuny berkitmekde möhüm tapgyr boldy.
