Turkmenportal logo
27.11.25
1322113221
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sadyr Žaparow Russiýany Gyrgyzystanyň ygtybarly hyzmatdaşy diýip atlandyrdy
Surat: Akchabar.kg

Russiýa Federasiýasy Gyrgyz Respublikasy üçin hemişe strategiki hyzmatdaş we dostlukly döwlet bolupdy hem-de şeýle bolmagynda galýar. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 26-njy noýabrda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen Bişkekde geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýtdy diýip, TASS ýazýar.

Žaparow Russiýanyň öz ýurdunyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny, Respublikada işleýän rus kompaniýalarynyň sanynyň birnäçe ýyl mundan öňdäkiden üç esse artyp, 1 müň 800-e ýetendigini belledi.

Žaparowyň sözlerine görä, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri gyrgyz ýaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Gyrgyz Lideri şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklaryň iki halkyň dostluk arabaglanyşygyny berkitmäge hyzmat edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Iki ýurduň Liderleriniň gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça sekiz resminama gol çekildi.

Russiýanyň Prezidenti häzir Gyrgyzystanda döwlet saparynda bolýar. Putin şu gün Bişkekde Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň (ODKB) sammitine gatnaşar diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.