Turkmenportal logo
26.11.25
1450814508
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylar Serdar Berdimuhamedowy «Altyn Kyran» ordenine mynasyp bolmagy bilen gutlaýarlar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, Astana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – «Altyn Kyran» ordeni gowşuryldy. Türkmen halky bu hoş habary uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidetiniň adynda gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentine bu şanly waka mynasybetli Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gutladylar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.