Turkmenportal logo
26.11.25
1740717407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tehasly dünýäde iň uzak ýaşly awtobus sürüjisi diýlip yglan edildi
Surat: Gazeta.ru

Tehas ştatynyň 95 ýaşly ýaşaýjysy Reýmond Hager dünýäde iň goja awtobus sürüjisi hökmünde resmi ykrar edildi. Bu barada «UPI» neşiri habar berdi. Hager ştatyň Uiçita-Fols şäheriniň «Falls Ride» jemgyýetçilik ulagy ulgamynda 27 ýyl bäri işleýär.

Hager awtoulag dolandyrmaga 14 ýaşyndan başlandygyny, ýetginjeklikden uly maşynlary sürmegi halandygyny gürrüň berýär. Ol kämillik ýaşyndaka awtobus sürüjisi bolmak barada karara gelipdir we henize çenli bu kärde işleýär. Goja sürüji ilki 95 ýaşynda pensiýa gitmek kararyna gelipdir, emma indi saglygy mümkinçilik berýänçä, awtobus sürmekçidigini aýdýar.

Şäheriň häkimligi onuň hyzmatyny bellemek kararyna geldi we 18-nji noýabry «Reýmond Hageriň güni» diýip yglan etdi.

«Şeýle şowlulyk üçin minnetdarlyk bildirýärin. Kiçijik oba oglanyna şeýle üstünlige ýetmek, gör, nähili bagt!» diýip, goja sürüji şatlygyny paýlaşdy.