Turkmenportal logo
26.11.25
1392813928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde planşetleriň satuwy azaldy
Surat: Expert.ru

Planşet kompýuetleriň dünýä satuwlary şu ýylyň geçen üç çärýeginde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,4 göterim azaldy we 38 million birligi düzdi diýip, IDC neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.

Bu ýagdaý ABŞ tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli emele gelen ätiýaçlyk gorlarynyň artdyrylmagy bilen baglydyr diýlip, habarda bellenýär.

Amerikanyň «Apple Inc.» kompaniýasy dünýä bazarynda planşetleriň satuwy boýunça öňdeligi saklap gelýär, kompaniýa iýul-sentýabr aralygynda olaryň 13,2 million sanysyny ýerledi (paý 5,2 göterim). Günorta Koreýanyň «Samsung»  kompaniýasy satuwlarynyň azalandygyna garamazdan, ikinji ýeri eýelemegi dowam edýär we umumy möçberde 1,9 göterimi düzýär (6,9 mln birlik).

Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy «XiaoxinPad» enjamynyň hasabyna satuwlary 22,6 göterim artdyrdy (3,7 mln enjam). Sanawda şeýle hem «Huawei» we «Xiaomi» kompaniýalarynyň degişlilikde 3,4 mln we 2,5 mln planşet satuwlary bilen dördünji hem-de bäşinji orunlary eýeländigi bellenýär.