Turkmenportal logo
26.11.25
1447214472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada eýýýäm bir hepde bäri ýangyny söndürip bilenoklar
Surat: Gazeta.ru

Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Oita prefekturasynda bir hepde bäri güýçli ýangyny öçürip bilenoklar diýip, ýurduň NHK teleýaýlymy habar berdi.

Teleýaýlym jaýlaryň gysby ýerleşendigi we güýçli şemal sebäpli bu ýerde 170 binanyň, şol sanda ýaşaýyş öýleriniň ýanandygyny habar berýär. Etrapdan 108 adamy göçürmeli boldy. Ýangyn goňşy tokaýa aralaşdy. Häzirki wagtda onuň ýaýramak howpy ýok, emma ody haçan söndürip boljakdygy belli däl.

Ýangyn 18-nji noýabrda başlandy. Halas edijilere ony öçürmek kyn düşýär.

Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.