Turkmenportal logo
25.11.25
1596515965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty Gwangju şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar» atly serginiň açylyşyna gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Agzalan çärä Koreýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Gwangju şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Ilçi B.Durdyýew açylyş dabarasynda çykyş edip, gatnaşyjylara Türkmenistanyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşine eden täsiri, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gaýdýan medeni gymmatlyklary barada gürrüň berdi.

Türkmen diplomaty, hususan-da, çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby bilen tanyşdyrdy. Agzalan kitaplarda türkmen halkynyň adamzadyň ösüşine goşan uly goşandy barada giňişleýin maglumat berilýär.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi we şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýändigi hakynda durlup geçildi. Bu dabaraly wakalara bagyşlanyp ýurtda geçiriljek ýokary derejedäki çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek wekilçilikli halkara forumyna koreý tarapyny ýokary derejede işjeň gatnaşmaga çagyrdy.