Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdylla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Dubaý şäherinde geçirilýän «Big 5 Global 2025» atly halkara gurluşyk sergisine gatnaşýar.
Wekiliýetiň agzalary resmi açyş dabarasyna hem-de döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň we bu pudak boýunça ýöriteleşen hünärmenleriň gatnaşmagynda guralan «Global Leaders' Summitiň» plenar sessiýasyna gatnaşdylar.
Serginiň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti BAE-niň resmi wekilleri, dabaranyň guramaçysy bolan «dmg events» kompaniýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem gurluşyk we inženerçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýän öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda senagat gurluşygy, gurluşykda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen hünärmenleri Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Hytaýyň milli pawilýonlaryna baryp gördüler. Ol ýerde wekiliýetiň agzalary şäher we senagat desgalaryny gurmak üçin niýetlenen tehnologik çözgütler, täze gurluşyk serişdeleri, modul ulgamlary we dürli enjamlar bilen tanyş boldular. Şeýle hem halkara EPC-potratçylary, modul gurluşyk boýunça kompaniýalar, gurluşyk tehnikalarynyň öndürijileri we sanly platforma döredijileri bilen duşuşyklar geçirildi.
Sergä gatnaşyjylar noýabr aýynda Awazada geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi — 2025» («CIET 2025») halkara maslahat we sergi barada hem oňyn pikirlerini aýtdylar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar forumyň ýokary derejede guralandygyny bellediler we mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar «CIET 2026» forumyna gatnaşmaga çagyryldylar.
Türkmenistanyň «Big 5 Global 2025» sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk hem-de tehnologik kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.
