Turkmenportal logo
25.11.25
1258712587
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda oba hojalygynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Surat: Newscentralasia.net

24-nji noýabrda Astanada Türkmenistanyň oba hojalygy ministri Çaryýar Çetiýew bilen Gazagystanyň oba hojalygy ministri Aýdarbek Saparowyň duşuşygy boldy.

Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de oba senagat toplumynyň esasy ugurlary boýunça ony giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahat etdiler.

Duşuşykda Ç.Çetiýew Türkmenistanyň bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmäge, haryt dolanyşygyny artdyrmaga we iki ýurduň azyk howpsuzlygyny güýçlendirmäge taýýardygyny nygtady.

Aýdarbek Saparow: «Gazagystan we Türkmenistan taryhy taýdan ygtybarly hyzmatdaşlardyr, oba hojalygy bolsa hyzmatdaşlygyň düzüminde aýratyn orun tutýar. Türkmen bazary ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini eksport etmek üçin ileri tutulýan bazarlaryň biridir» diýip belläp geçdi.

Şu ýylyň 9 aýynda ýurtlaryň arasynda obasenagat önümleriniň haryt dolanyşygy 103 million dollara (+37,5%) ýetdi. Oba hojalyk önümleriň eksporty 70 million dollara (+70%) çenli artdy.

Esasy ösüşi gallalaryň üpjünçiligi üpjün etdi: ýokary hilli bugdaýyň eksporty 1,5 esse, unuň eksporty 4 esse artdy, şeýle-de günebakar ýagynyň üpjünçiligi täzeden ýola goýuldy.

Gazagystan tarapy gallanyň we unuň durnukly we uzakmöhletleýin üpjünçiligini üpjün etmäge, şol sanda Gazagystanyň çäginde bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly taýýardygyny bildirdi.

Taraplar, şeýle-de, weterinariýa ulgamynda indiki hyzmatdaşlygy, biologiki howpsuzlyk meselelerini we et we et önümleri bilen söwdany giňeltmegi hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň ylmy institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda tejribe alyşmagyň, bilelikdäki barlaglary geçirmegiň we hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.