Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi we Balkan welaýatyna iş saparynyň jemlerini jemledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurduň ähli sebitlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklary hem-de Gahryman Arkadagyň gymmatly maslahatlary netijesinde guramaçylyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň paýtagtynda ýaýbaňlandyryljak halkara çäreleriň geçirilek binalarynyň taýýarlyk derejesi, Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyrylyş işleriniň barşy bilen tanşypdy hem-de guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçiripdi.
