21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bu bäsleşige ýurduň çar künjünden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýlelikde, «Robot-sumo» boýunça A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň Robot tehnikasy gurnagynyň diňleýjisi Alihan Akgaýew, «Robot-ulaglaryň ýaryşy» boýunça Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Resul Kanalow ýeňiji boldy.
«Labirint» boýunça Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Dawut Bäşimow, «Çyzygy yzarlamak» boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mälik Annamyradow, «Çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek» boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Adylşa Mämmettuwakow ýeňiş gazandy.
«Robot-gämileriň ýaryşy» boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 96-nji orta mekdebiniň okuwçysy Myrat Kakaýew, «Ýumuş roboty» boýunça birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjileri Pirguly Öwezow, Nurahmet Kulow, Röwşen Hojageldiýew dagysyndan ybarat topar mynasyp bolmagy başardy.
