Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda, ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan möhüm kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasy maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek arkaly, kabul edilen Milli maksatnamalardaky wezipeleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, ýurduň ykdysady kuwwatynyň depginli artmagyna we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.
