Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna «Zyýat Hil» konditer dükanlaryň ulgamy öňünden ýörite tortlary we süýjülikleri sargyt etmek mümkinçilikleriniň bardygyny ýatladýar.
Harytlaryň hatarynda nusgawy örän datly tortlar, tortlaryň miweli görnüşleri, şokoladly desertler, meşhur mussly önümler, şeýle hem aýratyn bezelýän tortlar bar. Sargytlar maşgala çäreleri üçin hem, korporatiw baýramçylyklar üçin hem kabul edilýär.
«Zyýat Hil» dükanynyň tortlaryň müşderilere berilmezden öň taýýarlanýandygyny, munuň hem olaryň täzeligini we tagamynyň baýlygyny kepillendirýändigini nygtaýar. Müşderiler bezegini, ölçegini, oňa goşulýan goşundylaryny we goşmaça bezeg düzümlerini özleri saýlap bilerler.

Konditer dükanlar ulgamy sargytlary öňünden amala aşyrmagy maslahat berýär, sebäbi Täze ýyl ýaly ýa-da beýleki uly baýramçylyk seneleriň öňüsyrasynda ýüzlenmeleriň aýratyn köpelýän wagtydyr.
150 manatdan ýokary sargyt edilen halatynda Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.
«Zyýat Hil» konditer dükanlar ulgamy dynç günsüz işleýär. Sargytlar her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
