Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

