«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň maddy-tehniki mümkinçilikleriniň üsti täze awtobuslaryň 11-si bilen ýetirildi. «Dong Feng EQ 6820 ZT» kysymly awtobuslar eýýäm gazçylary gatnatmaga girişdi. Şeýlelikde kärhananyň garamagyndaky ýolagçy awtobuslarynyň sany 27-ä çykdy diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň «Dong Feng Special Automobile Co., Ltd.» kompaniýasynda öndürilen täze awtobuslaryň hersi 22 ýolagça niýetlenilip, olar sähralyklarda, geçmesi kyn bolan ýerlerde aýratyn kuwwaty bilen tapawutlanýar.
Şeýlelikde awtobuslar işçileri Garagumuň jümmüşindäki «mawy ýangyçly» ýataklara bökdençsiz eltmäge we alyp gaýtmaga doly mümkinçilik berýär.
