Turkmenportal logo
21.11.25
1154411544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köneürgençdäki çörek bişirilýän sehde 552 tonnadan gowrak çörek önümleri taýýarlandy
Surat: Türkmenmetbugat

«Köneürgençgallaönümleri» kärhanasynyň çörek bişirilýän sehiniň çörek önümleri alyjylaryň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Şu ýylyň geçen 9 aýynda sehiň zähmetsöýer agzalary 552 tonna 351 kilogram çörek önümlerini öndürdiler. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazetinde habar berildi.

Häzirki günde bu ýerde çörek önümleriniň 5 görnüşi öndürilýär. Ýokary görnüşli undan bişirilýän «Höwesli», «Toý külçe» galyp çörekleri, «Ahal» tamdyr çöregi we «Garaşsyzlyk» batony ýaly tagamly önümler alyjylar tarapyndan has uly isleg bilen satyn alynýar.

Kärhananyň önümleri her gün Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşen harby bölümlere, çagalar baglaryna hem-de etrabyň pagta egriji fabrigine ugradylýar. Bu ýerde her günde 2 tonnadan gowrak dürli agramdaky çörek önümleri öndürilýär.Ýokary hilli çörek önümleri kärhananyň söwda nokatlarynyň üçüsiniň üsti bilen alyjylara ýetirilýär.