Halkara buzda oýnalýan hokkeý federasiýasy (IIHF) 2026-njy ýylda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçiriljek ýaşlar dünýä çempionatynyň «B» toparçasyndaky üçünji diwizionyň oýun tertibini çap etdi.
Ýaryş 13–19-njy fewral aralygynda Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrda üç duşuşyk geçirer: 13-nji fewralda Günorta Afrika Respublikasy bilen (Aşgabat wagty bilen sagat 16:30-da), 14-nji fewralda Islandiýa bilen (sagat 16:30-da), 16-njy fewralda bolsa ýaryşyň eýesi Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen (sagat 23:30-da).
Ýaryşa jemi alty milli ýygyndy gatnaşýar we olar iki toparça bölünýär. Türkmenistanyň gatnaşýan «B» toparçasynda Taýland we Liýuksemburgyň toparlary hem bar. «A» toparçasynda bolsa Bosniýa we Gersegowina, Islandiýa we Günorta Afrika Respublikasy çykyş ederler.
Hokkeý ýaryşynyň düzgünnamasyna laýyklykda, her toparçadaky ýygyndy garşydaş toparçanyň her ýygyndysy bilen üç duşuşyk geçirer. Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde iň gowy iki topar ýarym finala çykar, ýarym finalda ýeňiş gazananlar bolsa ýaryşyň altyn medallary ugrunda bäsleşerler.
